<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><hymn_number>144</hymn_number>
<title>Rebbiň çeken jebirleri N144</title>
<lyrics>[V1]
 Rebbim agyr günleň
 kerwenin çekdi,
 Ýerler hem çydaman
 ýaryldy birki,
 Asmanda ýyldyrym
 çakanda hälki,
 Rebbim haçda

[V2]
 çüýlenipdi ilki.
 Haçda görüp gözümize
 ýaş aýlandy,
 Ýüreklerimiz gan
 içinde çaýkandy,
 Şeýle jeza hiç bir
 kime bolmandy,
 Isa Hudaýymyň
 Gudraty - Gudrat!
 Isam - Sen güýç alyp
 ynamdan kuwwat,
 Rebbime kär etmedi
 berlen ezýet,
 Duzak bolup ýykyp
 bilmedi töhmet,
 Ölmez-ýitmez güýje
 dönen Hudaýym!
 Rebbimi ölüme
 höküm etdiler,
 Ony orta goýup
 urup, depdiler,
 Ölümden direldi,
 dolanda möhlet,
 Iň agyr jezadyr -
 toslanan töhmet!

[V3]
 Daşarymda dolup-daşýan
 bu gandyr,
 Men seni ýeke goýman
 diýeni aýandyr,
 Şu söz maňa kuwwat
 berdi ýeke-täk,
 Gudrat bilen ýaşaýaryn
 ynamda ikiçäk!
 Isam aýlandym men
 tebipleň ýaryn,
 Elden gidirdim men
 saglygyň baryn,
 Kastyma çykypdy
 iblisiň baryn,
 Halas etdiň wagtynda
 Sen Hudaýym!
 Isam ýalkanymda
 agyrlydy başym,
 Başymdan aýryldy dert
 diýen daşym,
 Ýürekden syzylýar
 gözdäki ýaşym,
 Şöhrat bolsun Saňa
 Isa Hudaýym!</lyrics>
</song>